Beskrivning
Beskrivning
Eger kolonial garaşlylyk milli gulçulygy we garaňkylygy aňlatsa, onda milli garaşsyzlyk – ýagtylygyň, graždan azatlyklarynyň, erkinligiň döwri bolmaly. Şol sebäpdenem SSSR imperiýasy ýykylyp, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygyny yglan edensoň, halk hakyky erkinlige garaşypdy. Eýse, bu arzuwlar hasyl boldumy? Näme sebäpden ýurtda adam hukuklary, söz we metbugat azatlygy öňküdenem erbetleşdi? Näme üçin azat saýlawlar elýetmez bolup galýar?Türkmenistanda nädip başistik diktatura döredi? Onuň kökleri nireden gaýdýar? Rehimsiz diktaturanyň döremeginde türkmen intelligensiýasy, aýratynam döredijilik intelligensiýasy, aýry-aýry şahsyýetler nähili rol oýnadylar? Eliňizdäki kitapda bu soraglaryň jogaplary agtarylýar.







